тел/факс +375223378274
email: kancel@baa.by
Адрес: 213410,
Могилевская обл.,
г. Горки, ул. Мичурина, 5
Обратная связь

Fakultet aşakdaky hünärler boýunça magistrlary taýynlaýar:

Hünär

Okadylyş dili

Okuwyň görnüşi

Okuwyň dowamlylygy

Nyrhy (USD)

7-06-0811-03 «Meliorasiýa, rekultiwasiýa we ýerleri goramak»

Rusça

Gündizlik
Gaýybana

1 ýyl
1 ýyl 6 aý

2300
1800

Okuwa girmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy:

  1. Belarus Respublikasynyň ýokary biliminiň 1-nji tapgyryna (bakalawr) deň bolan raýatyň ýokary bilim alandygyny tassyklaýan bilim baradaky resminamasy, öwrenen dersleri we alan bahalary (ballary) görkezilen göçürmesi we olaryň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  2. Dogluş şahadatnamasy we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  3. Daşary ýurt (biometriki) pasporty we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  4. Içki (milli) pasporty we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  5. Alty sany surat (ululygy 3х4 sm);
  6. Medisina şahadatnamasy:
  • AIW barlagynyň negatiw netijesini tassyklaýan şahadatnama;
  • narkologiýada hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama;
  • psihiatriýada hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama;
  • dermatovenerologda hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama.

Hemme resminamalar rus dilinde ýazylan ýa-da notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi bolmaly.

 

Okuwa rus dilinde üstünlikli geçirilen söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.