тел/факс +375223378274
email: kancel@baa.by
Адрес: 213410,
Могилевская обл.,
г. Горки, ул. Мичурина, 5
Обратная связь

Rus dili kurslaryna BDOHA-nyň bakalawr, magistr we aspirantura bölümlerinde okuwyny dowam etjek orta bilimi bolan daşary ýurt raýatlary kabul edilýär. Okuw möhleti 6-10 aý. Rus dili kurslaryny üstünlikli gutaran raýatlara, saýlanan hünärleri boýunça giriş ekzamensiz Akademiýanyň bakalawr we magistr bölümlerine okuwa girmäge hukuk berýän şahadatnama berilýär.

Programma

Okadylyş dili

Okuwyň görnüşi

Okuwyň dowamlylygy

Nyrhy (USD)

Rus dili

Rusça

Gündizlik

6 aý

1200

Rusça

Gündizlik

10 aý

1600

Okuwa girmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy:

  1. Orta bilim şahadatnamasy we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  2. Ýokary okuw jaýynyň taýýarlyk bölüminiň şahadatnamasy (bar bolan ýagdaýynda) we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  3. Dogluş şahadatnamasy we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  4. Daşary ýurt (biometriki) pasporty we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  5. Içki (milli) pasporty we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
  6. Alty sany surat (ululygy 3х4 sm);
  7. Medisina şahadatnamasy:
  • AIW barlagynyň negatiw netijesini tassyklaýan şahadatnama;
  • narkologiýada hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama;
  • psihiatriýada hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama;
  • dermatovenerologda hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama.

Hemme resminamalar rus dilinde ýazylan ýa-da notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi bolmaly.