Fakultet aşakdaky hünärler boýunça magistrlary taýynlaýar:
Hünär |
Okadylyş dili |
Okuwyň görnüşi |
Okuwyň dowamlylygy |
Nyrhy (USD) |
7-06-0411-01 «Hasapçylyk, derňew we audit» |
Rusça |
Gündizlik |
1 ýyl |
2300 |
Okuwa girmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy:
- Belarus Respublikasynyň ýokary biliminiň 1-nji tapgyryna (bakalawr) deň bolan raýatyň ýokary bilim alandygyny tassyklaýan bilim baradaky resminamasy, öwrenen dersleri we alan bahalary (ballary) görkezilen göçürmesi we olaryň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
- Dogluş şahadatnamasy we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
- Daşary ýurt (biometriki) pasporty we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
- Içki (milli) pasporty we onuň notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi;
- Alty sany surat (ululygy 3х4 sm);
- Medisina şahadatnamasy:
- AIW barlagynyň negatiw netijesini tassyklaýan şahadatnama;
- narkologiýada hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama;
- psihiatriýada hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama;
- dermatovenerologda hasapda durmaýanlygy barada şahadatnama.
Hemme resminamalar rus dilinde ýazylan ýa-da notarius tarapyndan tassyklanan rus diline terjimesi bolmaly.
Okuwa rus dilinde üstünlikli geçirilen söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.