тел/факс +375223378274
email: kancel@baa.by
Адрес: 213410,
Могилевская обл.,
г. Горки, ул. Мичурина, 5
Обратная связь

Alexander Pashkevich

Fakultetiň dekany, ykdysadyýet ylymlaryň kandidaty, dosent

Gadyrly dostlar!

Belorus döwlet oba-hojalyk akademiýasy bütindünýä ýokary okuw jaýlarynyň elitasyna degişlidir. 2014-nji ýylda BDOHA garaşsyz döwletler arkalaşygynyň (СНГ) ýokary okuw jaýlarynyň arasynda iň gowylarynyň biri diýip Halkara reýting agentstwasy “Ekspert RA” tarapyndan ykrar edildi.

Biziň uçurumlarymyz Ýewropa bilimini alanlaryna akademiýa minnetdar bolup BDOHA-nyň diplomyna diýseň buýsançlydyrlar. Biziň akademiýamyzda talyplaryň degişli bilim almagy üçin, okuwdan boş wagtlary sport bilen meşgullanmak üçin, şeýle hem medeni taýdan özgermek üçin ähli şertler döredilendir. Şu wagt BDOHA-da 500-den gowrak daşary ýurtly talyplar okaýar.

Belorus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Grigorýewiç Lukaşenko BDOHA-nyň uçurumydygyna akademiýamyz örän buýsanýandyr.

BDOHA – bu üstünlikli hünärmen bolmaga dogry ýoldur. BDOHA-nyň diplomy halkara statusa eýedir we dünýä ýurtlaryň aglabasynda ykrar edilendir.

BDOHA-nyň gapylary daşary ýurtly raýatlar üçin mydam açykdyr.

Üstünlikli adamlaryň Akademiýasynda hoş gördük!


HALKARA GATNAŞYKLAR WE ÝOKARY OKUW JAÝYNA TAÝÝARLYK FAKULTETINIŇ TARYHY

Belarus döwlet obahojalyk akademiýasy halkara gatnaşyklarda bolan baý tejribesini 1848 ýyldan alyp gaýdýar. Gory-Goreski ekerançylyk institutynyň açylan güninden diýen ýaly (şol wagta çenli Ewropa ýurtlarynda birnäçe şuňa meňzeş uniwersitetleriň bardygyny göz öňünde tutup) ewropanyň dürli oba hojalyk pudagynyň ýagdaýyny seljermek üçin daşary ýurt dillerini öwrenmek zerurlygy ýüze çykýar.

XX-nji asyryň ikinji ýarymynda halkara gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasyna ilkinji daşary ýurtly talyplar gelip başladylar. BDOHA-da 1962-nji ýylda daşary ýurt raýatlaryna rus dili öwredilip başlandy we Daşary ýurt dilleri kafedrasynda «Rus dili daşary ýurt dili hökmünde» bölümi gurnaldy.

История факультета международных

Surat 1 – Akademiýada okaýan daşary ýurt talyplary Gorki raýonynyň Lenino obasyndaky polýak goşunlaryna bagyşlanan ýadygärligiň ýanynda, 1962 ýyl.
воинам в деревне Ленино Горецкого района, 1962 год.

1964-65 – nji okuw ýyllarynda akademiýada 34 sany daşary ýurtly talyplar bilim alýardy (Kubadan 9 talyp, Wengriýadan 6 talyp, we Wýetnamdan 19 ta-lyp).

История факультета международных

Surat 2 – Kubadan gelen ilkinji talyplar.

Daşary ýurtly talyplaryň arasynda ilkinji uçurymlar, SSSR-den öz watan-laryna gaýdanlarynda, alan bilimleri üçin akademiýanyň mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler we akademiýada köp hakyky dost tapan-dyklaryny bellediler. Sowet Soýuzy, Akademiýa olar üçin ýakyn we eziz boldy. Wýetnam Demokratik Respublikasynyň raýaty Hoang Fung Mi: «Belarusyň Oba hojalyk akademiýasynda okan bäş ýyllymyz ýüregimizde we bütin ömrümizde ýatda galar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Belarus döwleti, Akademiýa ikinji öýümiz ýaly, talyplar we mugallymlar topary biziň maşgalamyz boldy. Bu ýerde biz hiç wagt özümizi nätanyş ýaly duýmadyk».

Geljekde BDOHA-da daşary ýurtly talyplaryň sany diňe artdy. 1967-nji ýylda daşary ýurtlardan 56 talyp akademiýada okan bolsa, 1975–76-njy ýyllarda dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 173 daşary ýurtly talyp we aspirant okady.

История факультета международных

Surat 3 – Wýetnam Demokratik Respublikasyndan talyplar, ilkinji uçurym.

XX asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyrynda Maliden ilkinji talyplar BDOHA-da peýda boldylar. 1970-nji ýylyň 13-nji aprelinde bolsa Maliniň Belarusiýadaky Ilçisi akademiýa resmi sapar bilen geldi.

История факультета международных

Surat 4 – Malidan BDOHA gelen ilkinji talyplar.

История факультета международных

Surat 5 – BDOHA Maliniň Belarusiýadaky Ilçiniň resmi sapary.

Akademiýada daşary ýurtly talyplaryň sanynyň köpelmegi ähli fakultetlerde daşary ýurtly talyplar bilen işlemek üçin dekanyň orunbasary wezipesiniň gi-rizilmegine zerurlyk döretdi (1973) we tiz wagtda daşary ýurtly talyplar bilen işlemek üçin ýörite dekanyň edarasy döredildi (1974). 1975-nji ýylda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasy rus diliniň garaşsyz bölümini (kafedrasyny) dö-retdi we 1977-nji ýylda daşary ýurt raýatlary üçin taýýarlyk fakulteti döredildi.

Dürli ýyllarda daşary ýurtly talyplar bilen işlemek fakultetiň dekanlary: P.A. Kowalew (1974–1976, 1981), V.K. Zemlýakow (1976–1978), K.P. Suçkow (1978–1980), S.A. Belçik (1981–1985), V.I. Popytaýew (1986–1991), A.V. Kloçkow (1991–1993), A.N. Kartaşewiç (1993–1996), S. A. Noskowa (1996–2012).

Dürli ýyllarda daşary ýurtly talyplar üçin taýýarlyk fakultetiniň dekanlary: B.V. Balobin (1977–1982), P.A. Kowalew (1982–1985), M.M. Murtazaýew (1985–1991). 1991-nji ýylda daşary ýurtly talyplar üçin taýýarlyk fakulteti daşary ýurtly talyplar bilen işlemek fakulteti bilen birleşdirildi.

Her ýyl daşary ýurtly talyplaryň sanynyň köpelmegi okuw prosesini ýeňilleşdirmek we medeni - ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly köp meseleleriň çözülmegini talap etdi. Bu meseleler talyplaryň öz-özüni dolandyrmak edarasynyň, dekanatlaryň we bölüm-kafedralaryň hemişe üns merkezinde boldy.

Daşary ýurtly talyplar bilen bilim-tertip işini kämilleşdirmek üçin olaryň jemgyýetçilik guramalaryna we doganlyk bileleşigine yzygiderli ýardam bolmaga terbiýeçiler we geňeşçiler bellendi. Olaryň işini halkara gatnaşyklary boýunça prorektory P.N. Koturanowyň ýolbaşçylygynda geňeşçiler topary utgaşdyrdy. Tejribeli mugallymlar we geňeşçiler, esasanam jemgyýetçiler we rus dili kafedrasynyň mugallymlary doganlyk bileleşiginiň aktiw agzalary bilen ýakyn aragatnaşyk sakladylar we okuw, durmuş we dynç alyş meselelerini çözmäge kömek etdiler. Daşary ýurtly talyplar bilen işleýän mugallymlar üçin seminarlar geçirildi, iş tejribesi alyş-çalyş edildi, marksizm-leninizmiň agşamky uniwersitetinde sebitleýin okuw bölümi açyldy.

Doganlyk bileleşiginiň aktiwi bilen aragatnaşyk saklamak, iş goýmak ileri tutulan meseleler boldy. Aktiwiň okuwy ýöritelişdirilen seminarlarda geçirildi. Partiýa komitetinde daşary ýurtly talyplara, kommunist we işçiler partiýalarynyň agzalaryna iki ýyllyk mekdepde sapaklar geçirildi, komsomol komiteti komsomol-ýaşlar guramasynyň agzalary bilen sapaklar geçirdi, Polýak Halk Respublikasy, Laosda, Kubada, Wýetnamda, Owganystanda, Panamada, Siriýada, Eýranda, Yemen Halk Demokratik Respublikasynda, Efiopiýada bilim alýan ýaşlar-kärdeşler arkalaşyklary bilen dostluk we hyzmatdaşlyk barada şertnamalar baglaşdy.

Birnäçe ders boýunça daşary ýurtly talyplar aýratyn toparlarda tapawutlandylar, sebitleriň we ýurtlaryň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, olar üçin ýörite kurslar işlenip düzüldi. Jemgyýetçilik ylymlar kafedrasy olary referat ýazmaga, möhüm senelere we jemgyýetçilik-syýasy çärelere gatnaşmaga, rus dilini, taryhyny we syýasatyny gowy bilmekleri üçin geçirilen olimpiadalara we bäsleşiklere bagyşlanan talyp ylmy konferensiýalaryna giňişleýin çekip başladylar. Okuwçylaryň özbaşdak işi üçin usulyýet gollanmalary we teklipleri çap edildi, goşmaça sapaklar we maslahatlar geçirildi. Bularyň hemmesi daşary ýurtly talyplaryň ýokary akademiki görkezijilerini üpjün etdi. Olaryň köpüsi «gowy» we «ajaýyp» bahalara okaýardylar, gyzyl diplomlara mynasyp bolýardylar.

Uçurymlar watanyna gaýtmazdan ozal ýörite žurnalda biziň ýurdumyzda bolan wagtlary barada bellikler ýazdylar. Ine olaryň ýazanlary: «Ösüp barýan ýurtlara milli kadrlary taýýarlamakda berýän yzygiderli kömegi üçin beýik sowet halkyna tüýs ýürekden sag bolsun aýdasym gelýär» (Wogaýehu Ammaýehu, Efiopiýaň raýaty). «SSSR-de geçirilen wagt bize hakyky sosializmi öz gözlerimiz bilen görmäge mümkinçilik berdi. Menne ajaýyp yatlamalar gally» (Rakotondrafara Zakason, Madagaskaryň raýaty). «Sowet hökümetiniň eden kömegine ullakan minnetdarlygym bar, SSSR ýüregimde ebedi galar» (Balde Alfa Mamadu, Gwineýaň raýaty). «Sowet Soýuzy meniň üçin hemişelik ikinji Watan bolup galar» (Daudinot Isabel, Kubanyň raýaty). Bu ýazgylar, akademiýanyň işgärleriniň, ösüp barýan ýurtlar üçin kadrlary taýýarlamak wezipesini hormat bilen ýerine ýetirýändiklerini görkezýär.

Akademiýa okuwa gelýan daşary ýurtly talyplarynyň sany on ýylda iki esseden artdy. 1985-nji ýylda akademiýada Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Latyn Amerikasynyň 53 sosialistik we ösüp barýan ýurtlaryndan 393 talyby, aspiranty, taýýarlyk fakultetiniň okuwçylary taýýarlanýardy.

1988-nji ýylda akademiýada 46 sosialistik ýurtlardan, Aziýa ýurtlardan, Afrikadan we Latyn Amerikasyndan 414 daşary ýurt raýaty okaýardy.

2012-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda halkara gatnaşyklar we daşary ýurtly talyplar bilen işlemek fakulteti halkara gatnaşyklar we ýokary okuw jaýyna taýýarlamak fakultetine üýtgedildi. M.V. Potapenko (2012–2014), A.A. Timaýew (2014–2017), A.V. Paşkewiç (2017-nji ýyldan bäri) dürli ýyllarda bu fakultetiň dekanlary boldylar.

2015-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda BDOHA bilen BMTU-daky Konfusiý Instituty hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişmegi netijesinde, halkara gatnaşyklar we ýokary okuw jaýyna taýýarlamak fakultetinde hytaý dili we medeniýet Merkezi döredildi. (surat 6).

BDOHA-nyň hytaý dili we medeniýeti Merkezi başlangyç, orta, ösen we ýokary derejeli toparlarda hytaý mugallymanyň ýolbaşçylygynda hytaý dili synplary guraýar (7-nji surat). 2016–2020-nji ýyllar aralygynda hytaý dili we medeniýeti merkezinde 320-den gowrak adam bilim aldy. Hytaý dilini öwretmek Hytaýyň Demirgazyk-Gündogar uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlan HHR-yň raýatlary tarapyndan geçirilýär.

История факультета международных

Surat 6 – BDOHA-da hytaý dili we medeniýeti Merkezini döretmek barada BDOHA bilen BMTU hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişmegi.

История факультета международных

Surat 7 – Hytaý dili dersini ilkinji hytaýly mugallym Hen Szinýan alyp barýar.

Hytaý dilini öwrenmäge akademiýanyň talyplary we mugallymlary, Gorki şäheri we Gorki etrabynyň mekdep okuwçylary, şeýle hem kärhanalaryň işgärleri höwesjeň dalaşgär boldylar. Olaryň hemmesi hytaý dilini öwrenmäge höwesli, köp talyp hytaý dilini çynlakaý goşmaça bilim hasaplaýarlar we geljekki işini we kärini şonuň bilen baglanyşdyrýarlar. Şonuň üçin birnäçe semestr okuwyny dowam etdirmegi meýilleşdirýärler we hytaý diliniň derejesini kesgitlemek üçin ekzamen tabşyrmaga taýynlanýarlar. Häzirki wagtda takmynan 20 okuwçy bu synagdan üstünlikli geçdi.

Hytaý dili dersiniň talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň uniwersitetlerinde dil tejribe, magistratura we aspirantura meýilnamalaryna laýyklykda stipendiýaly okamaga mümkinçilik alýarlar. Her ýyl BMTU-daky Konfusiý ylym we tehnologiýa Instituty we Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Gündogar Uniwersiteti tarapyndan Hytaýa iki hepdelik tomus lagerini gurnalýar, bu maksatnama dil öwrenmek, Hytaýa syýahat etmek, Hytaýyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmagy öz içine alýar.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda BDOHA-nyň rektory W.W. Welikanow, halkara gatnaşyklar we ýokary okuw jaýyna taýýarlamak fakultetine degişli Halkara dostluk klubyny dabaraly ýagdaýda açdy.

История факультета международных

Surat 8 – Halkara dostluk klubynyň açylyşy.

История факультета международных

Surat 9 – Halkara dostluk klubynda.

Klubyň muzeýinde akademiýada okaýan wekilleri bolan dürli ýurtlaryň milli nyşanlary, şol sanda Belarusyň, Türkmenistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň milli eşikleri görkezilýär.

История факультета международных

Surat 10 – Dürli ýurtlaryň wekilleri Doganlyk bileleşiginde.

История факультета международных

Surat 11 – Daşary ýurtly talyplar milli geýimlerinde.

Fakultet açylandan bäri dünýäniň 93 ýurdundan 3200-den gowrak daşary ýurt raýaty akademiýada okady, daşary ýurtly uçurymlarymyzyň köpüsi öz ýurtlarynyň syýasy we ykdysady işlerinde möhüm netijeleri gazandy.

Häzirki wagtda halkara gatnaşyklar we ýokary okuw jaýyna taýýarlamak fakulteti daşary ýurt raýatlaryny okuwa cagyrmak we okatmak, islendik uniwer-sitetiň işinde möhüm ähmiýete eýe bolan halkara hyzmatdaşlygy meseleleri bilen meşgullanýar.

История факультета международных

Surat 12 – Halkara gatnaşyklar we ýokary okuw jaýyna taýýarlamak fakultetiniň işgärleri.

2020-nji ýylda 14 ýurtdan 500 töweregi daşary ýurtly talyp BDOHA-da okaýar, her ýylda 100 töweregi daşary ýurt raýaty ýokary bilim diplomy alýar.

Halkara gatnaşyklar we ýokary okuw jaýyna taýýarlamak fakultetinde dekanyň edarasy, lingwistika dersleri we bedenterbiýe we sport bölümi bar.




Video-blog

Other videos...